1. 2008-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 47-nji madda; 2009 ý., № 4, 69-njy madda) 2-nji bendine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullugy geçen döwründe Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň III ýa-da II derejesi bilen sylaglanylan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgäri, gulluk eden ýyllaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň degişlilikde II ýa-da I derejesi bilen sylaglanylyp bilner.».
2. 2008-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 47-nji madda; 2009 ý., № 4, 69-njy madda) 2-nji bendine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň III ýa-da II derejesi bilen sylaglanylan Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgäri, gulluk eden ýyllaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna we harby edaralaryna harby gulluga geçende «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň degişlilikde II ýa-da I derejesi bilen sylaglanylyp bilner.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.